Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) arasynda, gümrük işini sanlylaşdyrmak esasynda üýtgedip guramak arkaly sebitleýin arabaglanyşygy ösdürmek we «akylly» gümrügi döretmek atly Tehniki goldawy bermek boýunça Taslama resminamasynyň 3-nji tapgyryna gol çekildi. Gol çekmek «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň üçünji maslahatynyň çäginde geçirildi.
Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda berilýän habara görä, resminama Türkmenistanda sanly ykdysadyýete geçmekde we ony ösdürmekde gazanylan oňyn tejribeleriň esasynda has netijeli taslamalaryň ornaşdyrylmagyny giňden ýaýbaňlandyrmak hem-de bu ugurda işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Gol çekmek dabarasy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy bilen UNCTAD-nyň Baş sekretary Rebeka Grimpsonyň arasynda iki taraplaýyn duşuşyk bilen dowam etdi.
UNCTAD-nyň Baş sekretary Rebeka Grimpson Türkmenistanyň sanlylaşdyrmak uguryndaky tagallalary ýokary baha berdi we UNCTAD bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň halkara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli mysaly hökmünde ähmiýetini belledi.
