Turkmenportal logo
19.08.2026
1186811868
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda ulaglar we harytlar boýunça elektron deslapky maglumat alyşmak ulgamy işe girizildi

2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ýola goýuldy.

Deslapky maglumatlary alyşmak, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasyndaky ylalaşyga we bu ylalaşygyň Tehniki şertlerine laýyklykda, maglumat ulgamlarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Maglumaty alyşmagyň esasy artykmaçlygy: harytlar we ulag serişdeleri Türkmenistanyň gümrük çägine gelmezden öň deslapky maglumatlaryň berilmegi, şeýle hem seljerme işleriniň geçirilmegi esasynda zerur gümrük amallaryna taýýarlyk görmäge mümkinçilik berýär.

Deslapdan maglumatlary alyşmak, daşaýjylar we daşary ykdysady işine gatnaşyjylar gümrük amallaryny tamamlamak üçin zerur bolan wagty azaldýar, harytlaryň gümrük serhedinden geçirilmegini çaltlaşdyrýar, kagyz işleriniň möçberini azaldýar hem-de halkara ýük daşamalarynyň öňünden çaklanylmagyny ýokarlandyrýar.

Özara elektron maglumat alyşmak, iki ýurduň arasyndaky özara söwda statistikasynyň hilini we ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrýar diýlip, habarda bellenilýär.