Turkmenportal logo
Şu gün 12:29
20612061
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ak bulut» «Boardline» fasad panellerini Özbegistana eksport etmegini dowam edýär

Türkmenistanyň «Ak Bulut» kompaniýasy eksport ugruny ösdürmegini dowam edip, Özbegistanyň bazaryny döwrebap «Boardline» fasad panelleri bilen yzygiderli üpjün edýär. Iberilip başlanan pursadyndan bäri geçen birnäçe aýyň dowamynda kärhananyň önümleri Merkezi Aziýanyň iň işjeň ösýän gurluşyk bazarlarynyň birinde öz ornuny berkidýär. Bu bazarda häzirki zaman, ekologiýa taýdan arassa we howpsuz gurluşyk serişdelerine bolan isleg barha artýar.

Eksport ugrunyň giňeldilmegi kompaniýanyň türkmen önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça strategiýasynyň bir bölegine öwrüldi. Häzirki wagtda has köp gurluşyk kompaniýalary diňe bir ýokary berkligi we uzak ömürliligi bilen tapawutlanman, eýsem, ekologiýa hem-de ýangyn howpsuzlygynyň halkara talaplaryna laýyk gelýän serişdelere aýratyn üns berýärler.

«Boardline» fasad panelleri tebigy gipsden — howanyň tebigy dolanyşygyna ýardam edýän we otaglarda amatly çyglylyk derejesini saklaýan arassa çig maldan öndürilýär. Panelleriň düzüminde zäherli komponentler ýokdur, bu bolsa olary ýaşaýyş jaýlarynyň, täjirçilik we jemgyýetçilik binalarynyň gurluşygynda ulanmak üçin howpsuz edýär.

Önümiň möhüm artykmaçlyklarynyň biri hem ýangyn howpsuzlygynyň ýokary derejesidir. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiki parkynyň sertifikatyna laýyklykda, paneller A1 derejesine degişlidir, bu bolsa olaryň ýangyna garşy doly durnuklydygyny tassyklanýar. Munuň özi serişdäni köp gatly binalarda, bilim edaralarynda, lukmançylyk desgalarynda we ýangyn howpsuzlygyna ýokary talaplar bolan beýleki binalarda ulanmaga mümkinçilik berýär.

E1 ekologiýa derejesi bolsa önümiň düzüminde zyýanly maddalaryň ýokdugyny görkezýär. Aýna süýümi (steklowolokno) bilen goşmaça berkidilmegi panelleriň durnuklylygyny artdyrýar, olary çyglylyga çydamly edýär we heňiň emele gelmeginiň öňüni alýar. Bu bolsa serişdäniň ulanyş möhletiniň uzak bolmagyna ýardam edýär.

«Boardline» panelleriniň amatlylygy gurluşyk işlerinde hem aýdyň ýüze çykýar. Panelleriň agramynyň ýeňildigi üçin olar binanyň göteriji gurluşlaryna düşýän agramy azaldýar, bu bolsa desganyň seýsmiki durnuklylygyna oňyn täsir edýär. Önümleriň takyk geometriýasy fasadlary gurnamagy ep-esli çaltlandyrýar — adaty usullar bilen deňeşdirilende, gurnama işleri 1,5–2 esse çalt amala aşyrylyp bilner, tekiz ýüzi bolsa soňraky bezeg işleriniň möçberini azaldýar.

Häzirki wagtda Özbegistanda ýaşaýyş toplumlarynyň, täjirçilik merkezleriniň we durmuş maksatly binalaryň gurluşygy işjeň dowam edýär, şonuň üçin ýokary hilli fasad serişdelerine bolan isleg ýokary derejede bolmagynda galýar. Şeýle şertlerde türkmen önümleri ýerli önümçiligiň bäsdeşlige ukyplylygyny subut edip, bazarda öz ornuny barha berkitýär.

«Ak Bulut» kompaniýasynda «Boardline» fasad panelleriniň Özbegistana eksport edilmeginiň kärhananyň daşarky söwdasyny uzakmöhletleýin esasda ösdürmegiň çäklerinde amala aşyrylýandygy belleýärler. Döwrebap gurluşyk serişdeleriniň daşary ýurt bazarlaryna çykarylmagy diňe bir kärhananyň eksport mümkinçiligini giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen önüm öndürijileriniň sebitdäki ornuny berkitmäge, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň ýokary hilini, ekologiýa taýdan arassalygyny we tehnologik taýdan ösendigini görkezmäge ýardam edýär.