Turkmenportal logo
Şu gün 10:59
7575
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BOARDLINE — «Ak bulut» HJ-den oda garşy durnukly innowasion fasad materialy

Türkmenistanyň gurluşyk senagaty giň gerimli tehnologik ösüşi başdan geçirýär. Ýurduň ähli künjeklerinde gurulýan akylly şäherler, döwrebap ýaşaýyş toplumlary we senagat maksatly binalar minimalizm estetikasyny howpsuzlyk we uzak ömürlilik bilen utgaşdyrýan düýpli täze çözgütleri talap edýär.

Ýurduň belli öndürijisi — «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň täze önümi bazaryň derwaýys talaplaryna jogap hem-de importyň ornuny tutmak boýunça döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy. Kompaniýa binalaryň daşyny örtmek üçin niýetlenip işlenip taýýarlanylan innowasion fasad örtük serişdesi bolan «BOARDLINE» materialynyň önümçiligini we satuwyny barha artdyrýar.

Daşky binagärlikde minimalizm filosofiýasy

Dünýäniň döwrebap binagärliginiň esasy wizual ugry — arassa çyzyklar, monumental şekiller we artykmaç wizual päsgelçilikleriň bolmazlygydyr. «BOARDLINE» panelleri daşky fasadlarda iň çylşyrymly dizaýnerlik konsepsiýalaryny amala aşyrmak üçin ýörite döredildi.

Plitalaryň takyk geometriýasy we oýlanyşykly gurnama ulgamy arkaly bu serişde az sanly, göze ilmeýän birikdirijileri bilen sazlaşykly, wizual taýdan üznüksiz monolit tekizlikleri döretmäge mümkinçilik berýär. «BOARDLINE» bilen örtülen fasad döwrebap, uly göwrümli görünýär hem-de ýokary tehnologiýaly işewürlik merkezlerinden başlap täze nesil ýaşaýyş toplumyna çenli islendik binagärlik desgasynyň ýokary statusyny tassyklaýar.

Gürrüňsiz howpsuzlyk: oda garşy durnuklylyk 

Estetik artykmaçlygyndan başga-da, «BOARDLINE» panelleriniň esasy aýratynlygy onuň oda garşy durnuklylygydyr. Şähergurluşyk we beýik binalaryň gurluşygy şertlerinde fasad ulgamlarynyň ýangyn howpsuzlygy esasy orna çykýar.

«BOARDLINE» binanyň ygtybarly gorag böwedi wezipesini ýerine ýetirýär. Serişde asla ýanmaýar, ýangyny geçirmeýär we aşa ýokary temperaturalaryň täsirinde zäherli tüsseleri bölüp çykarmaýar. Ol açyk alawyň daşky diwarlaryň elementleri boýunça ýaýramagyna netijeli päsgel berýär, bu bolsa adamlaryň ömrüni we infrastruktura desgalaryny goramakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu häsiýetler önümi ýangyn howpsuzlygyna ýokary talaplar bildirilýän desgalar üçin ajaýyp saýlawa öwürýär.

Nemes hili we gazaply klimata durnuklylyk

«BOARDLINE» materialynyň ýokary ulanyş häsiýetnamalary — öňdebaryjy tehnologiýalaryň we ýokary hilli ýerli çig malyň utgaşmasynyň netijesidir. «Ak bulut» HJ-niň önümçilik liniýalary nemes inženerçiligi bilen hyzmatdaşlykda ornaşdyrylan awtomatlaşdyrylan enjamlar bilen üpjün edilendir. Takyk presleme we parametrleriň awtomatiki gözegçiligi her bir plitanyň berkligini kepillendirýär.

Bu material sebitiň çalt üýtgeýän kontinental klimatyna doly uýgunlaşdyrylandyr. «BOARDLINE» aşakdaky häsiýetlere eýedir:

  • Ýokary gyzgynlyga we sowuklyga durnuklylyk (temperaturanyň çalt üýtgemelerine çydaýar);

  • Güýçli şemalyň täsirine durnuklylyk;

  • Ýagtylyga durnuklylyk (bezeg örtüginiň göni düşýän Gün we ultramelewşe şöhleleriniň täsirinde reňki öçmeýär we bozulmaýar);

  • Ekologiýa taýdan arassa;

  • Zeň we kömelekleriň emele gelmeginden goraýar;

  • Akustik häsiýetlere eýe.

Halkara ykrarnamasy hem-de «ISO» we «CE mark» standartlary

«BOARDLINE» örtüginiň her bir inedördül metriniň aňyrsynda berk gözegçilik ulgamy durandyr. «Ak bulut» HJ-niň Integrirlenen dolandyryş ulgamy (IDU) üç sany düýpli halkara standartlary boýunça sertifikatlaşdyrylandyr: ISO 9001 (hil dolandyryşy), ISO 14001 (ekologik dolandyryş) we ISO 45001 (saglygy goraýyş we zähmet howpsuzlygy).

Önüm ekologiýa taýdan arassa çig maldan öndürilýär, bu bolsa fasadyň tutuş ömrüniň dowamynda daşky gurşaw üçin howpsuzlygyny kepillendirýär. Ýokary eksport mümkinçilikleri we berk halkara düzgünnamalaryna laýyklygy Ýewropanyň CE markiroawkasy bilen tassyklanýar, bu bolsa önüm üçin daşary ýurt bazarlaryna ýol açýar.

Gelejek üçin meýilnamalar

Kompaniýanyň Lebap welaýatynda täze ýokary tehnologiýaly zawodynyň işe girizilmegi «Ak bulut» HJ-ä önümçilik kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda kärhana Türkmenistanyň içindäki hem-de daşyndaky iri gurluşyk meýdançalaryny «BOARDLINE» oda garşy durnukly innowasion materialy bilen bökdençsiz üpjün etmäge taýýardyr.

«Ak bulut» kompaniýasynyň «BOARDLINE» önümi innowasiýalaryň, howpsuzlygyň we dünýä derejesindäki estetikanyň «Türkmenistanda öndürilen» nyşany astynda üstünlikli öndürilip bilinjekdigini subut edýär. Täze nesil daşky örtük şäherlerimiziň binagärlik keşbiniň esasy aýratynlygy bolmaga taýýardyr.