Günebakar çigitleri hemişe-de iň datly iýmitleriň biri bolmagynda galýar. Emma olaryň dürli görnüşleriniň öz tagamy, düzümindäki ýagyň mukdary hem-de saglyga peýdasy babatda düýpli tapawutlanýandygyny welin bilýänler az-azdyr. Bu barada Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk ekologiýasy we gigiýenasy kafedrasynyň mugallymy, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň sagdyn iýmitlenmek boýunça ştatdan daşary hünärmeni Selbi Mämmetsahatowa giňişleýin gürrüň berdi.
Bilermeniň bellemegine görä, çigitleriň esasy üç esasy görnüşiniň arasyndaky esasy tapawutlar — ýaglylygynyň mukdary, dänejigiň ululygy, gabygynyň dykyzlygy we sortunyň niýetlenilişi bilen baglydyr.
Gara çigitler ýagly sortlara degişli bolup, iýmit üçin hem-de günebakar ýagynyň senagat önümçiligi üçin ulanylýar. Olar ýaglylygynyň we kaloriýasynyň ýokary mukdary, aňsatlyk bilen çakylýan ýumşak gabygy, hozuňky ýaly ysy, ýagly tagamy bilen tapawutlanýar. Olaryň esasy kemçiligi bolsa gabygynyň gara bolup, barmaklarda yz goýup bilýändigidir.
Ala çigitler — bu konditerlik sorty ýörite gury iýmit üçin ösdürilip ýetişdirilýär; olar ýag öndürmek üçin ulanylmaýar. Gara çigitler bilen deňeşdirilende, olarda belok has köpdür we ýag azdyr, şeýle hem dänejikleri has uly we uzyn görnüşde bolýar. Bu çigitleriň gabyklary has berk we dykyz bolansoň, hünärmenler dişiň emalyna zyýan ýetirmezlik üçin olary dişler bilen däl-de, el bilen arassalamagy maslahat berýärler.
Ak çigitler türk ýa-da Ortaýer deňzi sortlary diýlip hem atlandyrylýar. Olaryň ösüp ýetişmegi üçin amatly howa şertleri — yssy gün we salkyn gije howasy bolan Türkiýe olaryň watany hasaplanylýar. Olar iň az kaloriýaly we az ýagly günebakar çigitleri bolup, berhizlik iýmitleriň hataryna girýär. Olaryň däneleri göwrümli we uzyn, gurak gabygy bolsa ellerde yz galdyrman, aňsatlyk bilen iki bölege bölünýär. Bu çigitleriň ýeňil, az ýagly tagamy bardyr. Köplenç olary goşundylar we duz bilen gowurýarlar.
Selbi Mämmetsahatowanyň belleýşi ýaly, çigidiň görnüşini saýlamak her kimiň öz islegine baglydyr: has baý tagamy halaýanlar gara günebakar çigitlerini, köp belok we uly däneli çigitleri isleýänler ala çigitleri, ýeňil, az kaloriýaly çigidi halaýanlar bolsa ak çigitleri saýlap bilerler.
Şunuň bilen birlikde, lukman sagdyn uly ýaşly adam üçin çigit iýmegiň gündelik kabul ediliş mukdarynyň 30 — 50 gramdygyny, ýagny, takmynan, bir gysym ýa-da 2-3 nahar çemçesi gabygy aýrylan çigide deňdigini nygtaýar. Onuň aýdyşyna görä, bu mukdardan köp çigit kabul etmek birnäçe sebäplere görä maslahat berilmeýär:
ýokary kaloriýalylygy — 100 gram gabygy aýrylan çigitde, takmynan, 580 — 600 kkal we takmynan 50 gram ýag bardyr. Bu bolsa doly derejeli nahar ýa-da bir bitin şokolad bilen deň diýildigidir;
bagra we öt haltasyna agram salyp bilýändigi — bir gezekde köp mukdarda kabul edilýän ýag (agşam 100 — 200 gram) iýmit siňdiriş organlaryna uly agram salýar;
dişiň emalyna zyýan ýetirip bilýändigi — dişleriňiz bilen günebakar çigitlerini çakmak endigi emalyň kem-kemden ýok bolmagyna getirip bilýär. Munuň özi kiçijik çat açmalaryň we döwülmeleriň döremegine sebäp bolup biler;
bedende suw ýygnanma töwekgelçiligi — gowrulan günebakar çigitlerindäki duz bedende suwuň saklanmagyna sebäp bolýar. Bu bedende artykmaç suwuň saklanmagyna we ýokary gan basyşyna sebäp bolup biler.