Arhiw

«...Güýz bolsa saralýar ýaprak»: güýz barada 15 täsin fakt

0
39577

Gurbannazar şahyr «Güýz diýilen zada gutarma ýokdur...» diýýär. Ýylyň iň bir göwnüňe aram berýän, kalbyň çuňluklaryna aralaşyp, arassa howasy, pikire berlen ynsan mysaly bütin durky bilen ýaşaýşyň manysyna bolan garaýşyňy hasyl edýän döwri. Bu pasyl hemme ýer ajaýyp, ol duýgularyň konsentrasiýasy: ýagty güýz reňkine reňklenen baglar; ähli aladalaryňy edil suw ýaly ýuwýan ýagyş...

«Turkmenportalyň» bu möwsümiň özboluşly häsiýeti dogrusynda ýetirýän gyzyklydan täsin maglumatlary onuň pessaý heňli aýdyma çalymdaş dünýäsine gaplaýan atmosferasyny duýmaga mümkinçilik berse gerek.

1. Amerikan alymlary barlag geçirip, bu pasylda doglan adamlar beýleki aýlarda doglanlardan uzak ýaşaýarlar diýen netijä geldiler. Ýogsam, olaryň statistik deduksiýasyndan gelip çykýan netije köp ýyl bolmasa-da, hakykata ýakyndyr. Bu ýagdaýyň sebäbi bolsa häzire çenli nämälim hasaplanýar.  

2. Günorta ýarym şarda pasyllar Demirgazyk ýarym şardakynyň tersinedir. Şonuň üçinem, Günorta ýarymdaky ýurtlar üçin güýz aýlary — mart, aprel hem-de maý aýlarydyr.

3. Geçirilen barlaglaryň netijelerine laýyklykda, adamlar güýz paslynda has köp aladalanýarlar, ýygy-ýygydan howsala düşýärler.

4. Güýz depressiýasy — güýz pasly düşýän ýurtlaryň ilatynyň 5%-iniň bu dertden ejir çekýäni doly tassyklanan hakykatdyr.

5. Ýeriň ekwatorial çägindäki ýerlerde güýz pasly ýokdur. Bu çäkdäki ýurtlaryň hemmesinde diýen ýaly her ýylda şol bir pasyl — tomus höküm sürýär.

6. Statistiki maglumatlaryň görkezişi ýaly, güýz durmuş toýlarynyň iň köp bellenilýän möwsümidir.

7. «Güýz» sözi köp sanly halklaryň dilinde gelip çykyşy boýunça «hasyl möwsümi» diýmegi aňladýar. 

8. Güýz paslynda baglaryň ýapraklary günüň kem-kem gysgalýandygy, sowuk howanyň ýakynlaýandygy üçin saralýar. Ýapraklaryň ýaşyl reňkde bolmagyny üpjün edýän hlorofil öndürilmegini bes edýär we ýapraklara sary, mämişi we gyzyl reňk berýän beýleki pigmentler görünýär.

9.  Güýzde ýapraklaryň dökülmegi. Güýzüň gelmegi bilen agaçlar ýapraklaryny «iýmitlendirmek» üçin ýeterlik çyglylyk alyp bilmeýärler. Özlerini halas etmek we iýmitlenmek, ýokumly maddalary saklamak üçin olar ýapraklaryň birleşýän ýerini ýapmaly bolýarlar, netijede ýapraklar gurap, şahadan gaçýar.

10. Astronomik güýz pasly adaty senenamadan 3 hepde giç düşýär.

11. Güýz paslynda ýol ulag hadysasy köp bolýar. Munuň sebäbi, bu möwsümde ýere düşýän ýapraklaryň ulagyň tekerlerini 10 esse köp taýdyrýandygy bilen baglydyr.

12. Güýz paslynyň gün deňleşmesi 22-23-nji sentýabra gabat gelýär.

13. Beýleki pasyllar bilen deňeşdirilende, güýz paslynda maşgalalar az aýrylyşýarlar.

14. Statistikadan görnüşi ýaly, güýz aýlarynda doglan çagalaryň immuniteti çydamly bolýar.

15. Syýahatçylaryň pikiriçe, iň täsir galdyryjy, ajaýyp güýz pasly Gündogar Kanadada we Täze Angliýada bolýar. Bu ýerler başga ýerlerde seýrek duş gelýän owadan gülleri bilen meşhurdyr.

Şulardanam görnüşi ýaly, güýz — duýgularyň pasly, onda tebigat hem-de özüň barada köp sanly gyzykly zatlary bilmek bolýar. Güýz size diňe bir gözellik we rahatlyk däl, eýsem saglyk we uzak ömür hem berip biler. Güýz döredijiligiňizi açmaga we özüňizi tapmaga kömek edip biler. Güýz söýgiňizi we maşgalaňyzy täze umytlara ýetirip biler. Güýz, bagtly bolmagyň möwsümidir!

Peýdaly çeşmeler: vivareit.ru; top10a.ru 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar