Soňky habarlar

Arhiw

Çagalary gyşky dynç alyş günlerinde näme bilen meşgullandyrmaly

0
29670

Eýsem, gyşky dynç alyş günlerinde çagalary nämä güýmäp bolar? Has aňsadyna baksaň, munuň ýoly kändir. Mysal üçin, dynuwsyz telewizor görmäge, kompýuterde ýa-da smartfonda dürli gyzykly oýunlary oýnamaga mümkinçilik bermek. Beýle ýagdaýda çagalara ümsüm, özüňem rahat bolýarsyň.

Ýogsa-da, dynç günlerini maşgala agzalary bilen has gyzykly we döredijilikli geçirmek örän täsirli bolar.

Döredijilik bilen meşgullanmak

Birinji hakydaňa dolýan zat — ol surat çekmek, plastilinden ýasalan keşpler ýa-da reňkli kagyzdan ýasalýan şekiller. Ýöne mundan başga-da, wagtyňy peýdaly zatlar bilen doldurmaga esas bolup biljek, döredijilik äheňindäki güýmenjeler az däl.

Surat: ru.freepik.com

Adaty bolmadyk materiallardan şekilleri ýasamak bolar: makaronlardan, iliklerden, ýapraklardan, bägül gabyklaryndan, sapajyklardan, dürli görnüşli çigitlerden we beýlekiler.

Bu babatda öz elleriň bilen kitap ýasamak hem gowy usuldyr. Kitabyň mazmunynda özboluşly ertekileriň gahrymanlaryny oýlap tapmak, sýužet döretmek, illýustrasiýalary ýasamak... bu güýmenjeler çaganyň ýadynda täsirli galar.

Konsert ýa-da öý şertinde sahna oýnuny guraň. Eger Siziň çagaňyz haýsydyr bir daşary ýurt dilinde gepläp bilýän bolsa, onda oňa daşary ýurt aýdymyny ýa-da goşgusyny aýtdyrmak bolar.

Marafon geçirmek. Marafonyň tematikasy fantaziýaňyza bagly. Bu bir gije — bir erteki (hekaýa, kitap...), bir gün — bir film bolup biler. Hatda maşgala bolup kinofilme tomaşa etmegiň özbaşdak düzgünlerini hem goýup bolar: nobatma-nobat we ýany bilen garbanmak üçin bir zatlary saýlamak.

Stoluň üstündäki oýunlar — bu diňe bir wagtyňy tiz geçirmek üçin däl-de, eýsem çagalarda oýlap tapmak, ünslülik we logiki pikirlenmek ýaly ukyplary ösdürmäge hem mümkinçilik berýär. Oýun mahalynda çagalar özara düşünişmegi, beýleki oýunçylar bilen bilelikde hereket etmegi hem-de garaşmagy, sabyrlylygy öwrenýärler.

Surat: ru.freepik.com

Aşhana ajaýyplyklary. Ýaşajyk aşpezler aşhanada ejelerine kömek etmegi halaýarlar. Körpeler ýugrulan hamyry dürlüçe ýaýyp, ondan her hili şekildäki kökeleri bişirmegi has-da gowy görýärler. Ulurak ýaşly çagalara bolsa hamyr ýaýmagy, kökeleri bezemegi hem  ynanyp bolar.

Gezelenç etmek hem gyşky dynç alyş günlerini özboluşly bezäp biler. Eger şol günlerde gar ýagsa, onda çagalar daşarda örän gyzykly dynç alyp bilerler. Şonuň ýaly-da, bu günlerde teatrlara, muzeýlere, kinoteatrlara, ussatlyk sapaklaryna gatnaşmak bolar. Bu hili dynç alyşlar üçin käbir bilim merkezleri ýörite dynç alyş okuw günlerini hem geçirýär.

Surat: ru.freepik.com

Gyzykly ideýalar. Çagaňyz bilen birnäçe gyzykly ideýalary oýlap tapyň we olary kagyza ýazyp, gaba ýa-da guta salyň. Her gün olardan birisini alyp, şonda ýazylgy duran güýmenjäni hem ýerine ýetiriň. Mysal üçin, pazl ýygnamak, braslet ýasamak, karaoke aýdymy ýerine ýetirmek we beýlekiler.

Ilkinji nobatda, çagalardan olaryň öz gyzyklanýan zatlary barada soramagy ýatdan çykarmaň we olaryň islegini hökmany ýerine ýetirjek boluň.

Peýdalanylan çeşmeler: beautyhack.ru; englishnursery.ru; parents.ru; adukar.com

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar