Azerbaýjanyň paýtagtyndaky 40 gradus yssy ornuny duýdansyz salkyn howa berdi. Häzir Bakuwda üýtgäp duran bulutly, 28 gradus maýyl howa dowam edýär. Demirgazyk-günbatardan şemal öwüsýär. Ýagyş ýagmagy mümkin diýip, «MIR 24» habar berdi.
Ýerli daýhanlar beýle howa garaşmandylar. Azerbaýjanyň daglyk etraplarynda gysga wagtlyk ýagyşa, tupana, hatda doly ýagmagyna-da garaşylýar. Daýhanlar häzir bugdaýyň we arpanyň ikinji hasylyny ýygnaýarlar. Hasylyň çabganyň astynda galmazlygy üçin kombaýnçylar meýdanlarda yhlasly zähmet çekýärler. Bu ýyl däne hasyly geçen ýyldakydan iki esse bereketli boldy.
