Bütindünýä Bankynyň ýerine ýetiriji direktorlar geňeşi Halkara ösüş assosiasiýasy (IDA) tarapyndan maliýeleşdirilýän 50 million dollar möçberdäki «Durnukly ösüş syýasatyny goldamak – Bäsdeşlige ukyply we inklýuziw Täjigistan» atly maksatnamany durmuşa geçirmegi goldady. Bu barada ýurduň Maliýe ministrligi habar berdi diýip, «Report» ýazýar.
Taslama Täjigistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilýän ykdysadyýetde bäsdeşligi giňeltmek, hususy pudagy ösdürmek üçin şertleri döretmek, şeýle hem hyzmatlaryň hilini we elýeterliligini ýokarlandyrmakda döwlet pudagyny berkitmek maksady bilen geçirilýän özgertmelere ýardam bermek üçin kabul edildi.
Başlangyç 2030-njy ýyla çenli Milli ösüş maksatnamasynda kesgitlenen esasy ugurlary öz içine alýar, ol garaşylyşy ýaly, ýurduň bäsdeşlikli, inklýuziw we durnukly ykdysadyýetini döretmäge ýardam berer.

