Pakistanda iýunyň ahyryndan bäri musson ýagynlarynda 179 adam gurban boldy, 600-den gowrak adam ejir çekdi. Bu barada ýurduň Milli adatdan daşary ýagdaýlar edarasyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
Ýurtda sil joşgunlary sebäpli bir ýarym müňden gowrak bina ýykyldy, ýaşaýjylar göçürildi. Käbir etraplarda maldarçylyk we ekerançylyk hatardan çykdy.
Gündogar Penjap ülkesi has ýitgi çekdi. Ol ýerde 151 adam heläk boldy, 536 adam ejir çekdi. Demirgazyk-günbatar Haýber-Pahtunhwa ülkesinde 64 adam gurban boldy, 80 adam ýaralandy. Tebigy heläkçilikleriň pidalary Sind, Bulujystan, Gilgit-Baltistan ülkelerinde hem hasaba alyndy.
Meteorologlar çabgalaryň dowam etjekdigini çaklaýarlar. Pakistanda musson möwsümi iýundan sentýabra çenli dowam edýär.
