Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri 21 — 25-nji iýul aralygynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde «Klang» portunyň hünärmenleri tarapyndan guralan Deňiz mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça sebitleýin maksatnama gatnaşdylar.
Çäräniň maksady hyzmatdaşlygy berkitmekden we ylmy tejribe alyşmakdan ybarat boldy diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
«Klang» porty dünýäniň iň uly 10 sany konteýner portunyň biri bolup, maksatnamanyň dowamynda malaýziýaly hünärmenler port işiniň esasy ugurlary boýunça gatnaşyjylar üçin okuw sapaklaryny geçirdiler.
Çärä gatnaşyjylar portlaryň işini meýilleşdirmegiň aýratynlyklary bilen tanyşdylar, şeýle-de ýük ýüklemek we düşürmek işleriniň dolandyrylyşynyň, şol sanda logistikanyň guralyşynyň öňdebaryjy tejribelerini öwrendiler.
Bu maksatnama Merkezi we Günorta Aziýadan hem-de Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasynyň (ASEAN) agza ýurtlaryndan 15 ýurduň 29 wekili gatnaşdy diýlip, habarda bellenilýär.
