Hytaýyň Hunan ülkesiniň Ýueýan şäherinde ýurtda ilkini barbekýu ylmy-barlag instituty açylýar. Bu barada «China Daily» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
«Ýueýan açyk uniwersiteti Hytaýda barbekýu taýýarlamaklyga bagyşlanan hünärmen biliminiň meýdançasyny döretmek üçin Ýueýanyň Barbekýu assosiasiýasy bilen bilelikde iş alyp barmakçy» diýlip, çap edilen makalada bellenýär.
Täze institut çişlikçi hünärmenleri taýýarlamaklygy, barbekýu taýýarlamagyň ölçeglerini işläp düzmegi, şeýle hem ýerli brendleri öňe sürmegi maksat edinýär. HHR-de bu bilim edarasynyň açylmagy çişlik taýýarlamakda ýueýan medeniýetiniň ýurtdaky meşhurlygy bilen baglydyr.
