Türkiýäniň günbataryndaky Bursa şäherini gurşaýan daglarda tokaý ýangynlary dowam edýär, iki obanyň ýaşaýjylary göçürildi diýip, «Habertürk» teleýaýlymy habar berdi.
Bursanyň Gürse we Kestel etraplarynyň arasyndaky tokaýlarda dörän ýangyn şemal sebäpli tiz ýaýraýar. Bu etrapdaky obalaryň ilaty howpsuz ýere göçürildi. Obalaryň ýaşaýjylary halas edijilere traktorlaryň kömegi bilen ýardam berýärler. Ýangyn ýaşaýyş etraplaryna howp salýar. Bursanyň häkimligi külli howa barada duýdurdy. Karabük-Ankara ýoly iki tarapa hem hereket üçin ýapyldy.
Şemal zerarly oduň ýaýraýan ugry yzygiderli üýtgäp durýar, ýangyn söndürijiler elde baryny edýärler. Ýerli ilata häkimiýetleriň görkezmelerine eýermek maslahat berildi.
