23-nji iýulda Türkmenistanyň Katardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Söwda we senagat ministrliginiň söwda meseleleri boýunça döwlet ministri Ahmed bin Muhammed Al-Said bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti barada belledi hem-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler barada maglumat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Dohadaky diplomatik wekilhanasy habar berdi.
Taraplar Türkmenistanyň häzirki ykdysady özgertmeleri, telekeçiligi ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän çäreleri hem-de ykdysadyýete sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem türkmen-katar söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmek we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
