Fransiýanyň muzeýleriniň birinde sergilenen 6 million dollar baha kesilen banany muzeýe gelenleriň biri iýdi. Diwara ýelimli kagyz bilen berkidilen banan Mes şäheriniň Pompidu sergi merkezindäki suratkeş Maurisio Kattelanyň «Komediýaçy» diýlip at berlen meşhur nakgaşlyk işiniň bir bölegidi.
«Le Républicain Lorrain» gazetiniň ýazmagyna görä, banany Niderlandlardan gelen jahankeşde iýipdir we ol bu etmişini: «Meniň alty million dollarlyk bananyň tagamyny bilesim geldi» diýmek bilen aklady. Sergi jaýy kazyýete ýüz tutman, diňe banany çalyşdy.
Öň ady tutulan meşhur eseriň bir bölegi bolan banany az iýmändiler. Mysal üçin, öň, 2019-njy ýylda Maýamide sergilenende, banany gruzin-amerikan suratkeşi Dewid Datuna iýipdir we ol özüni «beýleki ussadyň eserini iýen ilkinji suratkeş» diýip atlandyrypdyr.
2023-nji ýylda günorta koreýaly talyp Seuldäky sergi wagty banany iýdi. Ol öz etmişini ertirlik edinmän gaýdandygy, ajygandygy bilen aklady diýip, «rg.ru» ýazýar.
