Özbegistan 2025-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlary aralygynda umumy bahasy 368,5 mln amerikan dollary bolan miweleriň 311 müň tonnasyny eksporta iberdi diýip, «Daryo.uz» habar berdi.
Habarda ýurtda her ýyl miweleriň 3,4 mln tonnasynyň we üzümiň 1,9 mln tonnasynyň öndürilýändigi aýdylýar. Geçen 2024-nji ýylda umumy bahasy 2,3 mlrd dollarlyk miweleriň, bakja önümleriniň we azyk harytlarynyň eksporta ýollanandygy, onuň 1,5 mlrd dollarlygynyň miwe we gök-bakja önümleridigi bellenýär.
2025-nji ýylda ýurtda 10 sany agrologikstika merkezleri işe girizmek meýilleşdirilýär.
Özbegistanyň eksportunyň düzüminde Daşkent şäheriniň 493 million dollarlyk paýynyň bardygy we ol ýerde eksportuň ösüşiniň 31 göterim artandygy hasaba alyndy.
