2013-nji ýylda özüniň bitkoinli gaty diskini ýitiren britan maýneri Jeýms Hauells zibilhanany satyn almak kararyna geldi. Bu barada «Guardian» neşirine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.
Erkek kişi ýerli häkimiýetler şäheriň zibilhanasyny ýapmak barada karary yglan edenden soňra, ol ýeri satyn almagy göwnüne düwdi.
Ýeri gelende aýtsak, 2013-nji ýylda britaniýaly 8 müň bitkoin satyn aldy. Hauellsiň halaşýan gyzy ýalňyşyp, onuň gaty diskini zibil gutusyna taşlapdyr, ol bolsa, şäher zibilhanasyna düşüpdir. Hauells diski şondan bäri yhlas bilen gözlese-de, derek tapylmandyr. Ol ýitiren bitkoinleriniň bahasy 750 million dollara ýetenden soňra gözlegi has-da işjeňleşdiripdir.
