Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Ýohannis ertir – 12-nji fewralda wezipesinden gitjekdigini yglan etdi. Öň ýurduň garşylykçy partiýalary Parlamentde oňa ynam bildirmezlik barada meselä garalmagyny hasaba aldyrmak islediler. Bu barada «argumenti.ru» internet neşirine salgylanýan «MIR 24» habar berdi.
Rumyniýada Prezident saýlawlary 24-nji noýabrda boldy. Emma 6-njy dekabrda Konstitusion kazyýet saýlawçylaryň saýlawdan öňki wagyz tutumy döwründe ýalňyş maglumatlar bilen azaşdyrylandygyny beýan edip, saýlawlaryň birinji tapgyrynyň jemlerini ýatyrdy. Ýagny dalaşgärleriň biri sosial ulgamlaryň kömegi bilen, agressiw wagyz işini alyp bardy hem-de gizlin çeşmelerden maliýe kömegini aldy diýlip, habarda bellenýär.
Ýohannisiň Prezident hökmündäki möhleti 21-nji dekabrda tamamlandy. Emma ol döwletiň täze Baştutany saýlanýança, öz wezipe ygtyýarlylyklaryny dowam etdirjekdigini yglan etdi. Rumyniýada täze Prezident saýlawlary 4-nji maýa bellendi.
