Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Aşgabat şäherinde beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumda çykyş etdi. Bu barada HHM ýazýar.
Eýranyň Prezidenti öz çykyşynda Magtymguly Pyragyny Eýranyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýan ajaýyp söz ussatlarynyň biri hökmünde belläp geçdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň aýtmagyna görä, Magtymguly Pyragy öz şygyrlary we olarda öňe sürýän ynsanperwer ýörelgeleri bilen tutuş adamzady agzybirlige çagyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň Eýran siwilizasiýasynyň ajaýyp buýsançlarynyň biridigi aýratyn nygtaldy.
Eýranyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda Magtymgulynyň poeziýasynyň häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygyň we asudalygyň ýaýramagyna ep-esli derejede täsir edýändigini belledi.
Çykyş tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny gowşurdy.
