Aşgabatdaky «Göreldeli» bilim merkezi «Boom kids» halkara akademiýasynyň okuwyna kabul edilişigiň başlanýandygyny mälim etdi. Täze maksatnama çagalaryň hemmetaraplaýyn kämilleşmegine we olary mekdepde üstünlikli bilim almaga taýýarlamaga gönükdirilendir. Okuwlaryň 10-njy sentýabrda başlanmagy meýilleşdirilýär.
«Boom kids» okuwy çagalary gyzykly okuw usullary we möhüm durmuş endikleri bilen kämilleşdirmegi özünde utgaşdyrýan özboluşly çemeleşmäni hödürleýär. Okuwyň maksatnamasy etika, psihologiýa, logopediýa, şeýle hem döredijilik we aragatnaşyk ukyplaryny ösdürmek boýunça sapaklary öz içine alýar.
Matematika, iňlis dili we kalligrafiýa ýaly esasy mekdep derslerine taýýarlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Okuwy guraýjylaryň belleýşi ýaly, bu ýerde her bir çaganyň özboluşly aýratynlyklary we zerurlyklary göz öňünde tutulyp, olara özbaşdak çemeleşilýar.
Ýakynda «Göreldeli» bilim merkeziniň öz okuwlarynyň hataryna türkmen dilini goşmagyň netijesinde, hödürleýän dil maksatnamalarynyň gerimini giňeldendigini bellemelidiris.
«Aşgabatda «Boom kids» okuwynyň açylmagy çagalara mekdebe oýun we güýmenje görnüşli sapaklar arkaly ýokary hilli taýýarlanmaga mümkinçilik berýär» diýip bilim merkeziniň wekili belleýär. Şeýle hem, ol ähli zerur esbaplaryň eýýäm okuwyň bahasyna goşulandygyny, munuň bolsa okuwyň ene-atalar üçin has özüne çekiji teklipdigini aýdýar.
Çagalaryny okuwa ýazdyrmak ýa-da goşmaça maglumat almak isleýän ene-atalar şu belgiler bilen habarlaşyp bilerler: (+993 71) 14 17 82, (+993 71) 14 17 81, (+993 71) 14 17 80.
Habarlaşmak üçin:
- ýerleşýän salgysy: Atatürk köçesi, 61-nji jaý;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.
