28-nji awgustda Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Fathudin Ali Mohamediň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly birnäçe teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligine salgylanyp, HHM habar berýär.
Ministr J.Gurbangeldiýew Somali Federatiw Respublikasynyň talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň Türkmenistanda geçirilýän halkara bäsleşiklere we olimpiadalara gatnaşmagy bilen bagly başlangyjy öňe sürdi.
Öz gezeginde Fathudin Ali Mohamed Somali Federatiw Respublikasynyň we Türkmenistanyň bilim edaralarynyň arasynda geljekde hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň döredilmegi baradaky teklip bilen çykyş etdi. Hususan-da, bu ýurduň ýaşlarynyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe hünärler esasynda, aýratyn hem, nebit-gaz, lukmançylyk, deňiz ulaglary hünärleri boýunça bilim almak mümkinçiliginiň döredilmegine isleg bildirýändigini mälim etdi.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Somaliniň täze ilçisiniň Türkmenistanda akkreditirlenendigini habar beripdik.
