Türkmen konsuly Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň Astrahandaky ýädygärligine gül goýdy

13:5708.05.2024
0
12648

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 79 ýyllygynyň öňýanynda russiýaly hem-de Astrahan sebitinde akkreditirlenen daşary ýurtly diplomatlar Astrahanyň Doganlyk seýilgähinde ýerleşýän «Baky şöhrat alawy» ýadygärligine gül desselerini goýdular. Bu barada Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygy habar berýär.

Gül goýmak dabarasyna Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň sebitdäki wekilhanasynyň işgärleri, Türkmenistanyň konsuly Gadam Ilamanow, şeýle-de Eýranyň we Gazagystanyň Astrahandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çärä Astrahan sebitiniň Daşary aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri hem gatnaşdylar. Gül goýmak dabarasyna gatnaşyjylar özleriniň ýatlama sözlerinde taryhy hakydany goramagyň we abadan, asuda geljegiň kepili hökmünde ony nesilden-nesle geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň