Soňky habarlar

Arhiw

«Bawariýa» bilen «Real» Çempionlar ligasynyň ýarym final duşuşygyny deňme-deň hasapda geçirdiler

03:4101.05.2024
0
5583

Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşygynda «Bawariýa» bilen «Real» biri-birini ýeňip bilmedi. Mýunhen şäherinde geçirilen duşuşyk 2;2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Duşuşykda ýer eýeleriniň gollaryny Leroý Sane (53-nji minut) bilen Garri Keýn (57) geçirdi. «Realda» bolsa Winisius iki gezek tapawutlandy (24, 83).

Jogap duşuşygy 8-nji maý güni Madrid şäherinde geçiriler. Ýaryşyň beýleki ýarymfinalçylary PSŽ bilen «Dortmunddyr».

Çempionlar ligasynyň final duşuşygy 1-nji iýun güni Londonyň «Uembli» stadionynda geçiriler. Ýaryşyň häzirki çempiony Angliýanyň «Mançester Siti» toparydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň