«Dostlukly Zähmet» dermanhanasy öý üçin lukmançylyk enjamlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär

11:1226.04.2024
0
14058

Aşgabatdaky «Dostlukly Zähmet» dermanhanasynda paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary saglygy goramak, şeýle hem dürli keselleriň öňüni almak we bejermek üçin ähli zerur zatlary taparlar.

Saglyk ýagdaýyna gözegçilik edýänler üçin «Dostlukly Zähmet» öý üçin lukmançylyk enjamlarynyň dürli görnüşlerini: awtomatiki we mehaniki tonometrleri, glýukometrleri, ingalýatorlary, termometrleri we beýlekileri hödürleýär. Adam saglygyna gözegçilik etmek üçin niýetlenen ýokary takyklygy bolan enjamlar saglyk görkezijilerini iň ýokary takyklyk bilen yzarlamaga mümkinçilik berer.

Mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin «Dostlukly Zähmet» maýyplar arabalaryny, pişekleri we ortopedik önümleri hödürleýär.

Şeýle hem «Dostlukly Zähmet» dermanhanasynda dürli terapewtik toparlaryň dürli görnüşli dermanlaryny satyn almak mümkindir: kardiologiýa, gastroenterologiýa, endokrinologiýa, ginekologiýa, mikroblara, wirusa garşy dermanlar we ş.m.

Dermanhanada ygtybarly derman öndürijileriniň birnäçe müň sany sertifikatlaşdyrylan derman serişdeleri we lukmançylyk maksatly önümleri hödürlenýär.

«Dostlukly Zähmet» müşderileri barada alada edýär we şulary teklip edýär:

- Aşgabadyň içinde eltip bermek boýunça amatly hyzmat we 15-nji tapgyryň ýaşaýjylaryna mugt eltip bermek hyzmaty.
- sargydyňyzy alan wagtyňyz nagt görnüşde ýa-da kart bilen tölemek mümkinçiligi.

«Dostlukly Zähmet» dermanhanasy Aşgabatda şu salgyda ýerleşýär: S.Seýdi köç., «Rysgally» binasy, 1-nji gat;

Telefonlar: (+993 12) 41 55 01, 19 03 05, 19 03 09. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň