Beýik Britaniýanyň paýtagtynyň häzirki meri Sadik Han saýlawlarda ýeňiş gazanyp, üçünji möhlete saýlandy. Onuň wekilçilik edýän Leýboristler partiýasy saýlawda sesleriň 43,7 göterimini gazandy, Hanyň garşydaşy, Konserwatorlar partiýasyndan Sýuzan Holl sesleriň 32,6 göterimini aldy. Bu barada «Trend.az» habar berdi.
Habarda Sadik Hanyň Londonyň taryhynda öz wezipesini üçünji möhletde berjaý etjek ilkinji ýolbaşçydygy bellenýär.