Bakuwda Gyrgyzystanyň Medeniýet günleri açyldy

10:5126.04.2024
0
7858

Prezident Sadyr Žaparowyň Azerbaýjana resmi saparyna gabatlap, Bakuwda Gyrgyzystanyň Medeniýet günleri badalga aldy. Ol paýtagtdaky Geýdar Aliýew adyndaky merkezde açyldy. Ol ýerde birbada birnäçe sergi ýerleşdi, gadymy gyrgyz saz gurallarynyň owazy astynda milli geýimleriň görkezilişi boldy diýip, «MIR 24» ýazýar.

Myhmanlar häzirki zaman gyrgyz senetkärleriniň, şeýle-de gadymy amaly-haşam sungat eserleri bilen tanşyp bilýärler. Olary Gyrgyzystanyň Milli taryhy muzeýi görkezýär.

Medeniýet günleriniň çäginde «tegelek stollar» guralar, ol 26-njy aprelde uly baýramçylyk konserti bilen jemlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň