Soňky habarlar

Arhiw

Birbada dört hytaý filmi dünýä prokatynda öňdeligi eýeledi

15:1425.04.2024
0
8630
 Birbada dört hytaý filmi dünýä prokatynda öňdeligi eýeledi
Surat: iz.ru

2024-nji ýylda prokata çykan dört hytaý filmi kassa ýygymlary boýunça ilkinji onluga girdi. Olar: «Bir gezek ýaşalýar» tragikomediýasy, «Pegas» sport dramasynyň dowamy, «20-nji madda» dramasy we «Goňşy aýylar: wagty we giňişligi parran geçip» atly multfilmdir. Hytaýyň filmleriniň jemi kassa ýygymlary 2024-nji ýylyň başyndan bäri 2,32 millard dollara deň boldy. Bu barada «The Numbers» neşirine salgylanýan «Iz.ru» habar berýär.

« Indi Hytaýa kinoda gazanç etmek üçin Golliwud gerek däl» diýip, «Business Insider» neşiriniň hünärmeni Trewis Klark aýdýar.

Soňky ýyllarda amerikan kinoteatr işewürliginiň ýitgi çekýändigi hasaba alynýar. Netijede, Golluwud bazarda öňdeligi elden giderip, bu orna Hytaýyň kino önümçiligi çykýar.

Iň girdejili filmleriň onlugyna girýän hytaý filmleriniň blokbasterler däldigi täsindir, ýagny olar dürli ýaşdaky tomaşaçylara niýetlenendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň