Soňky habarlar

Arhiw

«Asuda akym» HJ oba hojalyk tehnikalarynyň ygtybarly işlemegi üçin niýetlenen ýaglary hödürleýär

15:0525.04.2024
0
12031

«Asuda akym» hojalyk jemgyýeti oba hojalyk tehnikalarynyň özboluşly talaplaryny göz öňünde tutup işlenip düzülen hem-de olaryň ýokary netijeliligi kepillendirýän «Şir Ýag» çalgy ýaglaryny hödürleýär.

Bu önümleriň hatarynda iki sany uniwersal görnüşli ýag bar: TRAC UTTO 10W30 hem-de TRAC STOU 10W30.

TRAC UTTO 10W30 — ýokary öndürijilikli geçiriji ýagydyr (UTTO). Ol oba hojalyk we senagat traktorlarynyň, şeýle hem beýleki mobil enjamlaryň transmissiýalarynyň, bort geçirijileriniň we gidrawlik ulgamlarynyň talaplaryna laýyk gelýär we ony doly üpjün edýär.

TRAC STOU 10W30 — bu uniwersal görnüşli köp maksatly traktor ýagydyr (STOU).

Ýaglar ýokary hilli binýatlyk ýaglar hem-de iň täze tehnologiki goşundylar esasynda işlenip düzülendir. Olar ýokary derejeli goragy, ulagyň ýygjam işini, temperaturanyň giň diapazonynda ulanyş ygtybarlylygyny üpjün edýär.

Çalgy ýaglary köpugurly bolup, dürli geçiriş we gidrawliki ulgamlarda, şeýle hem ýag bilen örtülen disk tormoz ulgamlarynda ulanmak üçin amatlydyr.

«Asuda akym» Türkmenistanda çalgy ýaglaryny öndürýän öňdebaryjy kärhanalaryň biridir. Kärhana oba hojalygy, senagat, ulag we gurluşyk ýaly dürli pudaklar üçin niýetlenen önümleriň giň toplumyny alyjylara ýetirýär.

«Şir Ýag» çalgy ýaglary Türkmenistanda ulanylyş şertlerini göz öňünde tutup işlenip düzülendir. Ol awtoulag sürüjilerine enjamlarynyň ulanylyş ömrüni uzaltmaga hem-de öndürijiligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Täçmämmet Suhangulyýew köçesi, 43-nji jaý;
  • telefon belgisi: (+993 61) 41 32 72;
  • web saýty: siryag.com.

«Şir Ýag» önümleriniň Türkmenistanyň ähli ýerlerinde iň golaýda ýerleşen ýöriteleşen dükanlarda elýeterlidigini ýatladýarys.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň