Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň demir ýollary Demirgazyk — Günorta geçelgesiniň gündogar şahasyna arzanladyş yglan etdi

13:3725.04.2024
0
7943
Russiýanyň demir ýollary Demirgazyk — Günorta geçelgesiniň gündogar şahasyna arzanladyş yglan etdi
Surat: newscentralasia.net

Russiýanyň demir ýollary (РЖД) Gazagystanyň we Türkmenistanyň üstünden geçýän halkara Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça gara metallary daşamakda 50% arzanladyş yglan etdi. Bu barada «nCa» habar berdi.

Russiýanyň demirýol geňeşi rus-gazak serhet stansiýalaryndan, soňra bolsa Türkmenistanyň çägindäki Sarahs ýa-da Akaýla stansiýalaryndan geçseler, gara metallary wagonlarda daşamak üçin 0,5 koeffisiýentiniň döredilmegini tassyklady.

Bu arzanladyş 2024-nji ýylyň ahyryna çenli güýje girer diýlip, habarda bellenilýär.

«Demirgazyk — Günorta geçelgesinde hyzmatdaşlarymyz bilen alyp barýan ylalaşylan nyrh syýasatyny göz öňünde tutup, bu karar rus metallurgiýa önümleriniň eksporty üçin şertleri ep-esli gowulandyrar» diýlip, geňeş tarapyndan habar berilýär.

Häzirki wagtda Aziýa rus demir metallurgiýa önümlerini satmak üçin esasy bazarlaryň birine öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň