Soňky habarlar

Arhiw

«Unite Gaming» hyzmatdaşlary gözleýär: Türkmenistanyň oýun bazarynyň öňdebaryjysy boluň

16:2224.04.2024
0
14092

«Unite Gaming» Türkmenistanda öz degişli pudagynda eýýäm ynam bildirýän auditoriýasy, tanalýan brendi hem-de ägirt uly ösüş meýilnamalary bolan ilkinji oýun platformasy hökmünde hyzmatdaşlary gözleýändigini mälim edýär.

«Unite Gaming» diňe bir bazarda öňdebaryjy bolmak däl-de, eýsem, beýleki pudaklardaky bäsdeşlerini hem yza galdyryp bilýän gülläp ösýän ekoulgamyň bir bölegi bolmak üçin özboluşly mümkinçilikleri hödürleýär.

«Biziň wezipämiz — ýerli auditoriýa diňe bir söýmek bilen çäklenmän, hatda tölegli ulanmaga hem taýýar bolar ýaly, olaryň talaplaryna we isleglerine laýyk gelýän birinji derejeli oýun hem-de güýmenje önümlerini döretmek» diýip, «Unite Gaming» oýun platformasynyň wekili belleýär.

«Unite Gaming» platformasynyň esasy üstünlikleri:

  • Saýtyň bir aýyň dowamynda 190 000 gezek görülmegi;
  • Saýtdan her aýda 16 500 sany ulanyjy peýdalanýar;
  • 7000-den gowrak hasaba alnan ulanyjy;
  • «Unite Gaming Launcher-iň»18 000 ýüklenip alynmagy;
  • Saýta her günde 1000 adam girýär;
  • Her günde 400 sany işjeň oýunçynyň bolmagy.

«Esasy aýtmaly zat! «Unite Gaming» bu netijeleriň ählisini marketing ulanmazdan gazandy» diýip, oýun platformasynyň wekili pikirini paýlaşýar.

Näme üçin «Unite Gaming» platformasyny saýlaýarlar?

- giň auditoriýany gazanandygy we oýunlar bilen lokal meseleleriň çözülmegi;
- taslama esasy ugur boýunça-da, baglanyşykly önümleriň üsti bilenem çykdajylary artdyrmazdan giň gerime eýe bolýar;
- «Unite Gaming» topary ulanyjylaryň «sagbolsunyny» gazanan çözgütleri tapyp durmuşa geçirdi;
- doly ýerine ýetirilen bekend we frontend taslamany netijeli dolandyrmaga hem-de her ulanyjy bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär.

Platforma bäsdeşleriň auditoriýasyna elýeterliligi açýan we ulanyjy binýadyňyzy giňeltmäge mümkinçilik berýän täze hyzmatlarydyr funksiýalary aňsatlyk bilen birleşdirmäge şert döredýär.

Hyzmatdaşlar we taslama eýeleri näme gazanýarlar?

  • Bu ugurdaky degişli önümleriň aglabasyndan girdeji gazanmak;
  • Türkmenistanda batly depginde ösýän sanly oýun-güýmenje bazaryna işjeň gatnaşmak;
  • ýurduň oýun pudagyna täsir edip, üstünlikli taslamany ulaltmak.

«Unite Gaming» — ýurtdaky onlaýn-güýmenjäniň geljegini özgerdýän ägirt uly taslamanyň bir bölegi bolmagyň mümkinçiligidir.

«Biz auditoriýamyza gerek zatlara oňat düşünýäris we tölemäge taýýar boljak önümlerini döredýäris. «Unite Gaming» — bu üstünlikli amala aşyran ilkinji sanly taslamamyz däl, şonuň üçinem biz onuň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýarys. Biz hyzmatdaşlyga açykdyrys we maýadarlar hem hyzmatdaşlar bilen özara hyzmatdaşlyk etmek üçin dürli şertleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys» diýip, «Unite Gaming-de» nygtaýarlar.

Has giňişleýin maglumatlary almak üçin (+993 65) 81 25 14 telefon belgisine jaň edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň