Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi

13:2124.04.2024
0
10671

Şu gün Arkadag şäherinde utgaşykly görnüşde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, forum Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda guraldy.

Bu ýerde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisine gabatlanyp sergi hem guraldy. Sergide behişdi bedewlere bagyşlanan şekillendiriş, amaly-haşam, halyçylyk we zergärçilik sungatynyň eserleri, fotosuratlar görkezildi.

Mejlisiň barşynda ahalteke atçylygyny ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň atşynaslary, alymlary we beýleki ugurdaş hünärmenleri netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, onuň ugurlaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Munuň özi ahalteke bedewlerini, olaryň dünýä atçylygyndaky taryhy ornuny çuňňur öwrenmäge, behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmek, terbiýelemek we seýislemek ulgamynda mundan beýläk-de tejribe alyşmaga ýardam eder, şeýle hem behişdi bedewleriň muşdaklarynyň sanyny artdyrmaga gönükdirilen işlere täze itergi berer diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň