Soňky habarlar

Arhiw

«Aşgabat» gipermarketi hytaý çaýlarynyň bölümine çagyrýar

12:1724.04.2024
0
16297

Özboluşly datly tagamy hem-de özüne çekiji hoşboý ysy halaýanlary «Aşgabat» gipermarketinde hödürlenýän hytaý çaýlarynyň giň haryt görnüşleri biperwaý goýmasa gerek.

Alyjylar bu ýerde gadymy içginiň täsin dünýäsine aralaşmak bilen, çaýlaryň her bir sortunyň tagamynyň özboluşly taryhyny, gaýtalanmajak tagam aýratynlyklaryny duýup bilerler.

Gipermarketiň tekjelerini bezeýän gök çaýyň däneleri, ak çaýyň pyntyklary, gyzyl çaýyň ýapraklary — bularyň her bir görnüşi özboluşly häsiýetli aýratynlygy we ysy bilen tapawutlanýar.

«Aşgabat» gipermarketiniň tejribeli maslahatçy-satyjylary çaýlaryň köpdürli görnüşlerine üns bermäge hem-de öz islegiňize laýyk gelýän çaýy saýlap almaga kömek ederler.

Çaý içmegi özboluşly baýramçylyga öwürmek üçin bu gipermarketde süýjülikleriň köp sanly görnüşi alyjylara ýetirilýär: tortlar, konditer önümleri, kökeler, süýjüler we beýleki süýjülikler.

Amatly teklipler barada ýatladyp geçsek:

- 350 manatlyk ýa-da ondan köp mukdarda haryt satyn alanyňyzda «Öýüňize çenli taksi tölegsiz».
- 500 manatlyk we ondan köp mukdarda söwda etseňiz, öýüňizden gipermarkete we yzyna takside getirip-alyp gitmek hyzmaty tölegsizdir. Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin (+993 65) 81 22 92 telefon belgisine jaň edip sargyt edip bilersiňiz.

Şeýle hem «Aşgabat» gipermarketinden Google Play we AppStore internet dükanlarynda elýeterli bolan ykjam mobil goşundysyny ýükläp alyp, onlaýn söwda edip bilersiňiz.

«Aşgabat» SDAM-yň B blogunyň 0-njy gatynda ýerleşýän «Aşgabat» gipermarketi her gün sagat 8:00-dan — 23:00-a çenli işleýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň