Termez döwlet uniwersitetinde «Magtymguly Pyragy – dostlugyň waspçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

13:3223.04.2024
0
9964

Özbegistan Respublikasynyň Termez döwlet uniwersitetinde Surhanderýa welaýatynyň Türkmen milli medeni merkeziniň guramagynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragy – dostlugyň waspçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, 20-nji aprelde bolan maslahata Özbegistanyň, Türkiýäniň, Azerbeýjanyň we Owganystanyň ýokary okuw mekdepleriniň professorlary, ylmy işgärleri we talyplary gatnaşdy.
Halkara maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň ilçisi Ş.Meredow, Termez döwlet uniwersitetiniň rektory A.Taşkulow we Özbegistan Respublikasynyň Türkmen medeni merkeziniň başlygy G.Awezdurdyýewa dagy çykyş etdiler.

Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň we medeniýetiniň taryhyna giren bahasyna ýetip bolmajak eserleriniň dünýä halklarynyň mirasyna öwrülendigini, hem-de halklaryň dostlugyny, gözelligini, sazlaşygydyr agzybirligini wasp edýän eserleriniň häzirki döwürde hem gymmatly ähmiýete eýedigini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň