Soňky habarlar

Arhiw

Şu ýyl Tatarystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

23:0629.04.2024
0
6209

Ozal habar berşimiz ýaly, 28-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowy kabul etdi.

Tatarystanyň Baştutanynyň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan köp ýyllyk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň we strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, ikiçäk gepleşikleriň barşynda medeni hyzmatdaşlyga hem aýratyn ähmiýet berildi. Tatarystanyň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, geçen ýyl Türkmenistanda Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri, Kazanda bolsa Halkara milli Medeniýet festiwaly geçirildi. Däp bolan medeni hyzmatdaşlyga laýyklykda, şu ýyl Tatarystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler.

Duşuşykda medeni-ynsanperwer ulgamda tejribe alyşmagyň möhümdigini, hususan-da, Türkmenistanyň senetçileriniň medeni mirasy gorap saklamak babatdaky tejribesiniň gyzyklydygyny bellediler. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn ylalaşyklary, dürli pudaklarda kesgitlenen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň