Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet gurjak teatry halkara teatr festiwalynyň kubogyna hem-de diplomyna mynasyp boldy

11:3230.04.2024
0
12869

Türkmen döwlet gurjak teatry 24 — 27-nji aprelde Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde geçirilen 19-njy «Kiçijik hanymlar, kiçijik jenaplar» atly halkara teatr festiwalynyň kubogyna hem-de diplomyna mynasyp boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, festiwala 8 döwletiň, ýagny Türkmenistanyň, Ispaniýanyň, Bosniýa we Gersegowinanyň, Kubanyň, Rumyniýanyň, Bolgariýanyň, Polşanyň, şeýle hem Türkiýäniň teatrlarynyň döredijilik toparlary gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Baky rowaýatlar» atly oýunda Seýit Jemaleddiniň ýadygärligi bilen bagly rowaýat janlandyrylýar.

Türkiýe Respublikasynyň Döwlet teatrlarynyň baş müdirliginiň Ankara şäherindäki sahnasynda köpçülige ýetirilen çykyş tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine hem-de ussatlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Dürli ýurtlaryň artistleri we režissýorlary bilen döredijilik duşuşyklary-da guraldy. Iş usullary, hususan-da, gurjak oýunlaryny sahnalaşdyrmagyň režissurasy barada gürrüňdeşlikler geçirildi. Dostlukly döwletleriň teatrlarynda Gündogaryň akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri hem-de döredijiligine bagyşlanan spektakllary döretmek teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň