Türkmenistanyň futbol çempionatynda ikinji aýlawa badalga berilýär

12:2023.04.2024
0
6737

Şu gün futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ikinji aýlawyna badalga berler. 10-njy tapgyryň duşuşyklary bilen başlanýan täze aýlawyň ilkinji bäsdeşleriniň Marynyň «Merw» we Balkanabadyň «Nebitçi» toparlary bolar.

Bir duşuşygy şu gün geçiriljek täze tapgyr ertir tamamlanar. Şu gün Mary şäherinde ýerli «Merw» «Nebitçini» kabul etse, ertir paýtagtda «Köpetdag» «Aşgabady», Türkmenbaşy şäherinde «Şagadam» «Altyn asyry», şeýle hem Mary şäherinde «Energetik» «Ahaly» kabul eder.

10-njy tapgyryň duşuşyklary:

23.04.2024 ý. (sişenbe)

“Merw” – “Nebitçi”

Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” (Mary ş.)

Başlanýan wagty: 17:00

Duşuşygyň emini: Ç.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Weliýew (Änew ş.)

Gözegçi emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

24.04.2024 ý. (çarşenbe)

“Köpetdag” – “Aşgabat”

Geçirilýän ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 17:00

Duşuşygyň emini: B.Atdyýew (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), K.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Gulmuhamedi (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: R.Japarow (Aşgabat ş.)

“Şagadam” – “Altyn Asyr”

Geçirilýän ýeri: “Şagadam” (Türkmenbaşy ş.)

Başlanýan wagty: 17:30

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.), A.Jumaýew (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)

“Energetik” – “Ahal”

Geçirilýän ýeri: “Energetik” (Mary ş. )

Başlanýan wagty: 16:00

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Annamyradow (Balkanabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: W.Boliýans (Türkmenabat ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň