«Galkan» Aşgabatda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşyň çempiony boldy

20:1720.04.2024
0
20041

Aşgabatda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryş «Galkanyň» ýeňşi bilen tamamlandy. Bir hepde dowam eden ýaryşyň oýunlary Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirildi.

Final oýnunda «Galkanyň» oýunçylary Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «ADIHIC-Kazan» toparyny ýeňlişe sezewar edip, altyn medala eýe çykdylar. Oýun 4:2 hasabynda türkmen toparynyň peýdasyna tamamlandy.

Ýaryşyň ýapylyş dabarasynda «Galkanyň» oýunçylaryna Kubok we altyn medallar gowşuryldy. «ADIHIC-Kazan» (RF, Tatarystan Respublikasy) we «Wolat» (Belarus) toparlarynyň oýunçylary bolsa degişliliikde, kümüş we bürünç medallar bilen sylaglandylar.

Şeýle-de ýaryşyň eminlerine we şowly çykyş eden oýunçylara ýörite baýraklar gowşuryldy. Has takygy, Ýaroslaw Lagun («Wolat») «iň gowy derwezeçi», Musa Annasaparow («Galkan») «iň gowy goragçy» hem-de Aýdar Miftahow («ADIHIC-Kazan») «iň gowy hüjümçi» diýlip ykrar edildi.

Hokkeý boýunça halkara ýaryş 15 – 20-nj aprel aralygynda Gyşky oýunlar sport toplumynyň iki sany buz meýdançasynda bolup geçdi. Oňa Bahreýnden, Belarusdan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Omandan, Russiýadan, Özbegistandan, Türkiýeden hem-de Türkmenistandan toparlar gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň