Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda kitap şüweleňi geçirilýär

10:5920.04.2024
0
15298

«Türkmenistan» kinokonsert merkezinde 21-nji aprelde sagat 17:00-da Begenç Çaryýewiň konserti, şeýle hem çagalar üçin ýörite taýýarlanylan kitap şüweleňi geçiriler.

Ony Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mahabat» müdirligi, Kärdeşleri arkalaşyklarynyň Milli merkezi, B.Amanow adyndaky çagalar kitaphanasy, Türkmen döwlet gurjak teatry we Döwlet sirki bilelikde guraýar.

Çäräniň dowamynda SMS bäsleşigi geçiriler we ýeňijilere «Ynamly emläk» hususy kärhanasy, «Bilim nokady» okuw merkezi, Beletfilm, «Röwşen» aýakgap hususy kärhanasy tarapyndan sowgatlar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin «Türkmenistan» kinokonsert merkeziniň telefon belgileri: 49 26 58, +993 62 00 31 21

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň