Türkmenistanyň futzal boýunça 18 ýaşa çenli zenanlar ýygyndysy CAFA-nyň çempionatyna gatnaşmak üçin Täjigistana bardy

12:2919.04.2024
0
13167

Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysynyň ýaş wekilleri 19 ― 28-nji aprel aralygynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň 18 ýaşa çenli gyzlaryň arasyndaky çempionatyna gatnaşmak üçin Täjigistanyň Duşenbe şäherine bardy.

Bu abraýly ýaryşa Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň ― Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndylary gatnaşar. Ýaryşy bir aýlaw görnüşinde geçirmek meýilleşdirilýär. Çempion toplanan utuklar bilen kesgitleniler.

Halkara ýaryşyň senenamasy:

21-nji aprel, 1-nji tapgyr

  • 13:00 Türkmenistan – Gyrgyzystan
  • 16:00 Eýran – Özbegistan

22 апреля, 2-й тур

  • 15:00 Türkmenistan – Eýran
  • 18:00 Gyrgyzystan – Täjigistan

24-nji aprel, 3-nji tapgyr

  • 15:00 Özbegistan – Gyrgyzystan
  • 18:00 Täjigistan – Türkmenistan

26-njy aprel, 4-nji tapgyr

  • 15:00 Özbegistan – Türkmenistan
  • 18:00 Eýran – Täjigistan

28-nji aprel, 5-nji tapgyr

  • 15:00 Gyrgyzystan – Eýran
  • 18:00 Täjigistan – Özbegistan
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň