Soňky habarlar

Arhiw

«Arkadag» ýeňişli ýörişini 40 oýna ýetirdi

11:2702.05.2024
0
12897

«Arkadag» topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 11-nji tapgyrynda myhmançylykda «Altyn asyry» 4:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.

Ýeňiş gazanan toparyň düzüminde Şamämmet Hydyrow dubl etdi (10, 63), hem-de Didar Durdyýew (34) we Begenç Akmämmedow (58) bir gezekden tapawutlandy. «Altyn asyryň» gollaryna bolsa Röwşengeldi Hälmämmedow (55) we Arslan Saparow (76, penalti) awtorlyk etdi.

Şeýlelikde, 2023-nji ýylyň aprelinde döredilen «Arkadag» topary ähli ýaryşlardaky ýeňişli ýörişini 40 oýna ýetirdi.

Wladimir Baýramowyň şägirtleri häzirki wagtda Türkmenistanyň çempionatynda 9 oýunda toplanan 27 utuk bilen liderlik edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň