Arhiw

Özbegistanly hokkeýçi Aşgabatdaky halkara ýaryşyň netijeli oýunçylarynyň başyny çekýär

17:2717.04.2024
0
12118

Özbegistanyň «Feniks» toparynyň hokkeýçisi Behruz Najmiýew şu günlerde Aşgabat şäherinde geçirilýän halkara ýaryşda iň netijeli oýunçylaryň sanawynyň başyny çekýär. Behruz toparynyň geçiren iki duşuşygynda 8 gezek tapawutlandy.

1-nji tapgyrda «Oman Nationals» toparynyň derwezesinden 3 şaýba geçiren Behruz şu gün «Bahraýn» topary bilen geçirilen duşuşykda netijesini has gowulandyryp, 5 gezek tapawutlanagy başardy. Ol şol bir wagtyň özünde şu ýaryşda bir oýunda 5 şaýba geçirmegi başaran ilkinji hokkeýçi boldy.

Halkara ýaryşyň iň netijeli oýunçylarynyň sanawynda ikinji orny Gazagystanyň «Akmola» toparynyň wekili Wladislaw Kurmalewskiý eýeleýär. Ol üç duşuşykda 6 gezek tapawutlanmagy başardy.

Üçünji orunda bolsa «Galkanyň» hokeýçileri Pawel Barkowskiý bilen Perhat Atekäýew bar. Hokkeýçileriň ikisi hem üç duşuşykda 4 şaýbadan geçirip bildiler.

Ýeri gelende aýtsak, halkara ýaryşda yzda galan 3 tapgyrda 71 hokkeýçi tapawutlandy. Bu sanawda üç şaýbadan geçiren hokkeýçileriň 7-si, iki şaýba geçirenleriň 20-si bar.

16 ýaşly Behruz Najmiýew häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda hokkeý akademiýalarynyň birinde okaýar. Ol ýerli çempionatda «Strela» toparynda çykyş edip gelýär. «Feniks» Behruzy şu halkara ýaryşa gatnaşmak üçin düzüme çagyrdy.

«Feniks» halkara ýaryşda «Galkan» bilen ertir duşuşar. «A» toparçanyň iki sany güýçli wekiliniň duşuşygy sagat 10:00-da başlanar. Şu duşuşygyň ýeňijisi bolan topara toparçada birinji orny eýelemek mümkinçiligi garaşýar.

  1. Behruz Najmiýew, «Feniks», 8
  2. Wladislaw Kurmelewskiý, «Akmola», 6
  3. Perhat Atekäýew, «Galkan», 4
  4. Pawel Barkowskiý, «Galkan», 4
  5. Erkin Kakabaýew, «Galkan», 3
  6. Akim Muhamedow, «Feniks», 3
  7. Daniel Kogan, «Feniks», 3
  8. Nowruz Baýhanow, «Galkan», 3
  9. Arslan Geldimyradow, «Galkan», 3
  10. Begenç Döwletmyradow, «Galkan», 3
  11. Isa Ahmarow, «Adihis-Kazan», 3
  12. Öwezguly Esenow, «Galkan», 2
  13. Arslan Nuryýew, «Galkan», 2
  14. Döwlet Hydyrow, «Galkan», 2
  15. Baýmyrat Baýmyradow, «Galkan», 2
  16. Aleksandr Wahowskiý, «Galkan», 2
  17. Swýatoslaw Zasadskiý, «Wolat», 2
  18. Eduard Grinn, «Wolat», 2
  19. Gafuri Arşiýa, «Ice Box», 2
  20. Heidari Amir, «Ice Box», 2
  21. Mihail Tarasow, «Akmola», 2
  22. Ýusuf Al-Baluşi, «Oman Nationals», 2
  23. Abdulbosit Abdumalikow, «Feniks», 2
  24. Abdusamad Nasirow, «Feniks», 2
  25. Danat Raşidow, «Feniks», 2
  26. Said Ibrahim Al-Gabşi, «Oman Natonals», 2
  27. Wladimir Dubrowskiý, «Akmola», 2
  28. Mamed Seýfulow, «Dordoý», 2
  29. Ersultan Mirbekow, «Dordoý», 2
  30. Adel Awzalow, «Adihis-Kazan», 2
  31. Artur Zaripow, «Adihis-Kazan», 2
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň