Soňky habarlar

Arhiw

«Hilli» dükanlaryna lýustralaryň täze görnüşleri gelip gowuşdy

14:2830.04.2024
0
14004

«Hilli» dükanlary BAE-den gelen we eýýäm satyn almak üçin elýeterli bolan 50-den gowrak görnüşli täze lýustralary müşderilerine hödürlemekden hoşaldyr. Täzelenen harytlaryň arasynda dürli isleglere we islendik interýer stiline gabat gelýän lýustralary tapyp bilersiňiz.

Hrustaldan we bürünçden ýasalan nusgawy görnüşler giň myhman otaglarynyň we zallaryň hakyky bezegine öwrüler. Owadan çyzyklar, hrustalyň ýalpyldawuk gyralary we bürünjiň ajaýyp parlaklygy kaşaňlyk hem-de çuňňur gözellik gurşawyny döreder.

Metaldan we aýnadan ýasalan döwrebap lýustralar minimalistik, haý-tek we loft stilde bezelen interýerler üçin laýyk gelýär. Sada şekiller, ýagtylygyň we kölegäniň oýnamagy öýüňiziň aýratynlygyny ýüze çykarar.

«Hilli» dükanlarynda islendik otaglar üçin lýustralar hödürlenýär: myhman otaglary, ýatylýan otaglar, aşhana, girelge, koridor.

Öýüňizdäki yşyklandyryşy täzeläň we özboluşly rahatlyk hem-de gözellik gurşawyny dörediň!

«Hilli» dükanlarynyň ähli önümlerine 2 ýyldan 3 ýyla çenli kepillik berýändigini ýatladýarys.

«Hilli» dükanlary şu salgylarda ýerleşýärler:

  • «Arkaç» SDAM, nolunjy gat, dükan №28;
  • G.Kuliýew (öňki Obýezdnaýa) köç., «Hilli hyzmat» binasy;
  • G.Kuliýew köç., Bedew etrapçasy, 2-nji jaý.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 53 55 22, 50 85 80, 60 01 98. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň