Soňky habarlar

Arhiw

Mäne obasynda geçiriljek bilelikdäki rus-türkmen arheologik ekspedisiýasyna gatnaşmaga arzalar kabul edilýär

18:0430.04.2024
0
9388
Mäne obasynda geçiriljek bilelikdäki rus-türkmen arheologik ekspedisiýasyna gatnaşmaga arzalar kabul edilýär
Surat: turkmenistan.gov.tm

Rus geografiýa jemgyýeti Mäne obasyna rus-türkmen bilelikdäki ekspedisiýasyna gatnaşmak üçin arzalary kabul etmegini dowam edýär. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" internet neşirinde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän gadymy arheologiki ýadygärligi öwrenmäge gatnaşmak isleýänler RGS web sahypasynda 2024-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli soragnamany doldurmaly.

Bu ýerde ilkinji daýhanlaryň obasyny we gündelik durmuşynyň syrlaryny öwrenmek üçin 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan 30-njy sentýabryna çenli ekspedisiýa amala aşyrylar.

Taslamanyň guramaçylary we hyzmatdaşlary Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň maddy medeniýet taryhy institutydyr.

Mäne obasy Mäne babanyň ýa-da Abu Seýid Mehneýiniň mawzoleýi we metjidi bilen meşhurdyr, XI–XV asyrlaryň binagärlik toplumy, rowaýata görä, sopuçylygyň beýik şyhy Abu Seýid Abul Haýyr Mehneýiň esaslandyran metjidi – hanakasy bolan ýerde gurlupdyr (967–1049).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň