Soňky habarlar

Arhiw

5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

10:2205.04.2024
0
14509

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana resmi sapary dowam edýär, Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň raýatlary Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi bilen gutlady, Türkmenistan ABŞ bilen özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbe şäherine iki günlük resmi saparynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşykda söwda, energetika, ulag, senagat, oba hojalygy we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Täjigistana çagalar üçin sowgatlary iberdi. Täjik halkyna derman serişdeleri, dokma önümleri, çaga eşikleri we konditer önümleri sowgat hökmünde iberildi.

3. Türkmenistanyň paýtagtynda, Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda orta asyr täjik şahyry Saido Nasafi Mirobidiniň ýadygärligi oturdylar. Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi türkmen we täjik halklarynyň arasyndaky baky dostlugyň nyşanyna öwrüler

4. Türkmenistanyň ilkinji «akylly» şäheri Arkadag we Täjigistanyň iň gadymy şäherlerinden biri bolan Hujand doganlaşan şäherler derejesini aldylar. Degişli Ylalaşyga Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekildi.

5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň ähli musulmanlaryny mukaddes Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi bilen gutlady. Bu mukaddes gije şu ýyl 5-nji aprelden 6-njy aprele geçilýän gijede bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda bellenilişi ýaly, musulman dünýäsiniň halklary bilen birlikde, türkmen halky hem gadymy döwürlerden bäri keremli Oraza aýyna, rehim-şepagatlylygyň, haýyr-sahawatlylygyň mübärek gijesi hökmünde Gadyr gijesine aýratyn sarpa goýup gelýär.

6. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy. Işewür ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklady. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ABŞ bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow iri amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda möhüm taslamalary amala aşyrýandyklaryny aýtdy.

Dünýäde

7. Dünýäniň iň garry adamy aradan çykdy. Wenesuelanyň ýaşaýjysy Huan Wisente Peres Mora 115 ýaşynda dem alyş kynçylyklary sebäpli aradan çykdy. Ol on çaganyň dokuzynjysy bolup, 11 çaganyň atasy boldy. Peres Mora soňky günlerine çenli San-Hose-de-Boliwarda ýerleşýän fermada ýaşady. Ol 2022-nji ýylda 113 ýaşamagyna birnäçe aý galanda Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäniň iň garry adamy hökmünde resmi taýdan ykrar edildi.

8. ABŞ-ly alymlar hojalyk himiýa serişdeleriniň düzümindäki maddalaryň diňe bir allergiki täsirleri döretmän, beýnä kem-kemden zyýan ýetirýändigini hem anykladylar. Öý hojalykçy aýal näçe arassaçyl bolsa, garrylykda skleroz keseliniň döremek howpy şonça ýokarydyr. Çagalarda bolsa hojalyk himiýa serişdeleri autizme sebäp bolup biler. Mundan başga-da, alymlar ýuwujy serişdeler bilen birnäçe autoimmun, newrologiki we hatda psihiki keselleriň arasyndaky baglanyşygy tapdylar. Gözlegçiler 1823 sany hojalyk ýuwujy serişdelerini synagdan geçirdiler we olaryň takmynan 20%-inde howply maddalaryň bardygyny anykladylar.

Sport habarlary

9. Halkara futbol federasiýasynyň resmi saýtynda milli ýygyndy toparlaryň täzelenen sanawy çap edildi, oňa laýyklykda, Türkmenistanyň milli ýygyndysy iki basgançak aşaklap, 143-nji orna düşdi. FIFA-nyň sanawynda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň ýokarda Özbegistanyň milli ýygyndysy ýerleşýär (64-nji ýer), ondan soňra Täjigistan (99), Gyrgyzystan (100) we Gazagystan (103) gelýär. Sanawyň başyny heniz hem Argentinanyň milli ýygyndysy çekýär. Fransiýa ikinji orny eýelemegini dowam etdirýär. Belgiýanyň milli ýygyndysy bolsa Angliýany dördünji orna düşürip, üçünji orna çykdy.

10. Futbol boýunça Angliýanyň çempionatynyň tamamlanmagyna 8 tapgyr galanda «Liwerpul» «Arsenaldan» 2 utuk, «Mançester Sitiden» bolsa 3 utuk öňde barýar. APL-iň 30-njy tapgyrynda Ýurgen Kloppyň şägirtleri «Şeffild Ýunaýtedden» üstün çykdylar. «Enfildde» geçirilen duşuşyk 3:1 hasabynda tamamlandy. Penşenbe güni geçirilen ýene bir möhüm duşuşyklaryň birinde «Çelsi» «Mançester Ýunaýtedi» 4:3 hasabynda ýeňdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň