Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen agronomlary gawun ösdürip ýetişdirmegiň syrlaryny Astrahan döwlet uniwersitetiniň talyplary bilen paýlaşdylar

08:2303.04.2024
0
8930

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agronomlary W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň (ADU) pedagogika, psihologiýa, myhmansöýerlik we sport fakultetiniň talyplary we mugallymlary üçin türkmen gawuny ösdürip ýetişdirmegiň we gaýtadan işlemegiň aýratynlyklary barada onlaýn sapak geçirdiler. Bu barada rus ýokary okuw mekdebiniň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmen hünärmenleri Türkmenistanyň tebigy we howa şertlerinde gawunyň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek barada toplanan ylmy we önümçilik maglumatlary russiýaly talyplar we mugallaymlar bilen paýlaşdylar. Şeýle-de azyk önümlerini taýýarlamak üçin gawuny gaýtadan işlemegiň usullary barada gürrüň berdiler.

Alymlar türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik neşirinde beýan edilen gawunyň dermanlyk aýratynlyklary barada hem tanyşdyrdylar.

ADU-nyň mugallymlary bilimleriň degişli ugurlarynda bilelikdäki ylmy we usulyýet seminarlaryny geçirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Ýeri gelende bellesek, ADU bilen Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyk hereket edýär. Onuň çäginde ylmy maslahatlar, talyplaryň arasyndaky olimpiadalar we dürli medeni çäreler geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň