Soňky habarlar

Arhiw

1-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

12:0101.04.2024
0
6941

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar baý taryhy mirasa esaslanýar, Türkmenistan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny» bellemäge taýýarlanýar, Mejlisiniň bäşinji çagyryşynyň ýedinji maslahaty geçirildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynda HHR-niň ilçisi Sýan Naýçen gadymy Änew şäheriniň Türkmenistanyň müňýyllyklara uzap gidýän medeniýetiniň möhüm ýadygärligidigini, şol bir wagtyň özünde türkmen hem-de hytaý halklarynyň arasyndaky köp müňýyllyk dostlugyň we doganlygyň möhüm şaýadydygyny nygtady. Ilçi Halk Maslahatynyň Başlygynyň türkmen-hytaý dost-doganlyk gatnaşyklarynyň kökleriniň taryhyň jümmüşine uzap gidýändigi barada aýdan jümlesini mysal getirdi. Biziň eýýamymyzdan öňki 49-njy ýylda türkmenleriň ata-babalary Hytaýyň halky bilen «Kasam şertnamasy» diýen şertnama gol çekipdirler we ol iki halkyň ýakynlygyna şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, ilçi döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan ägirt uly goşandy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň mejlisiniň barşynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda yglan edilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip edilmegini baýram etmäge taýýarlyk görmek üçin Döwlet topary döretmegiň zerurdygyny aýtdy.

3. Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurduň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlara garaldy hem-de olar kabul edildi. Maslahata gatnaşmaga birnäçe degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

4. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş we ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 3 ýyllygyna gabatlanyp hem-de bu gaznanyň ýakyndan ýardam bermeginde Arkadag şäherinde 26 – 29-njy mart aralygynda geçirilen mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasyna Türkmenistandan we dünýäniň beýleki ýurtlaryndan ýüzden gowrak mekdep okuwçysy gatnaşdy.

5. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Annabibi Yslamowanyň haly we haly önümleriniň sergisi açyldy. çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Annabibi Yslamowa 100-den gowrak haly önümini görkezdi. Mugallym döredijilik ýolunyň tutuş dowamynda türkmen halyçylyk sungatynyň däplerini dowam etdirýär. Halyçy zenan hojalykda peýdalanmak üçin niýetlenen dürli önümleri öndürmekde türkmen halyçylyk sungatynyň usullaryny üstünlikli ulanýar.

6. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasy BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň güwänamasyna mynasyp boldy. Güwänama hemaýata mätäç çagalara kömek etmekde 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň binýatlyk «Hiç kimi yzda galdyrmazlyk» ýörelgesini berjaý etmekde gymmatly goşandy üçin gowşuryldy.

Dünýäde

7. Stafford şäheriniň ýaşaýjysy Maýkl Kouplend arkasynda 30 kilogramlyk sowadyjy göterip, Kilimanjaro dagyna çykdy. Kouplend ozal şol adaty bolmadyk ýük bilen Beýik Britaniýanyň iň beýik üç dagynyň depesine çykmagy bilen meşhurlyk gazanypdy. Kilimanjaronyň saýlanmagy ýörite enjamlar bolmazdan dyrmaşmagyň elýeterliligi bilen baglanyşyklydyr. Kouplend sport üstünliklerinden başga-da, haýyr-sahawat maksatlaryny hem göz öňünde tutdy.

8. Ispaniýanyň Sewilýa şäherinde «Betis 7 Triana» restorany Günüň astynda ýerleşýän stollar üçin goşmaça töleg girizdi. Bu habar ýerli ýaşaýjylaryň we jahankeşdeleriň arasynda gahar-gazap döretdi. Restoranyň myhmanlary Günüň astyndaky ýer üçin goşmaça 10 ýewro tölemelidigi habar berlende geň galdylar. Bu täze düzgün hakynda menýuda ýa-da restoranyň saýtynda maglumat ýokdy. Bu waka sosial ulgamlarda ýaýradylandan soň, restoranyň ýolbaşçylary negatiw synlara jogap berdiler. «Restoran eýwanynyň birinji hatarynda ýerleşýän stollar köpden bäri «premium» diýlip atlandyrylýar we onuň üçin hemişe has ýokary baha göz öňünde tutulýar. Bular diňe bir Gün sebäpli däl, eýsem, Gwadalwiwir derýasyna çykýan görnüş bilenem baglanyşykly».

Sport habarlary

9. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty 1 – 6-njy aprel aralygynda «Açyk gapylar» günleriniň geçiriljekdigini yglan edýär. Bu çäre 2024-nji ýylda instituta girmek isleýän ýaşlar üçin niýetlenendir. «Açyk gapylar» günleriniň dowamynda dalaşgärler ýokary okuw mekdebiniň ýokary bilim, okuw ugurlary we hünärleri, institutyň okuw, terbiýeçilik, ylmy we medeni-köpçülik işleri boýunça gazanan üstünlikleri bilen tanşyp bilerler. Şeýle hem myhmanlar häzirki zaman okuw otaglaryny we talyplaryň ýaşaýyşy, dynç almaklary we sport bilen meşgullanmaklary üçin döredilen şertleri görerler.

10. Türkmenistanly dzýudoçy Maýsa Perdäýewa Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen Uly tuwulga ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy. Perdäýewa 57 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 33 ýurda wekilçilik eden 44 türgeniň arasynda bürünç medala mynasyp bolmagy başardy. 19 ýaşly talyp türgen bürünç medala barýan ýolda bäş ýeňiş gazandy. Maýsa Uly tuwulga ýaryşlarynda medal gazanan ilkinji türkmenistanly zenan türgen boldy. Ondan öň Türkmenistanyň milli ýygyndysynda zenanlaryň arasynda iň gowy netije Gülbadam Babamyradowa degişlidi, ol ilkinji bäşlige girmegi başarypdy.

11. Aşgabatda «Ýüpek ýoly» halkara rallisiniň taslamasynyň wekilleri bilen türkmen wekiliýetiniň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň çäginde guraljak halkara ralli-reýd ýaryşynyň guramaçylygy bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýaryşyň şu ýylyň 9 — 15-nji sentýabry aralygynda guralmagy meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda geçirilen duşuşykda ýaryşyň geçiriljek ugruny kesgitlemek, gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, lukmançylyk hyzmatlary hem-de bäsleşikleriň geçirilýän pursatlaryndaky guramaçylyk işleri ýaly möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň