Soňky habarlar

Arhiw

30-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

11:3430.03.2024
0
9591

Türkmenistanyň Prezidenti Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilen 356 raýatyň günäsini geçdi, Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine üç ýyl doldy, Aşgabatda 864 hojalyga niýetlenen 20 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýlary gurlar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen 356 sany Türkmenistanyň raýatynyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçdi. Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek tabşyryldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara ak ýürekden we yhlasly zähmet çekip, ýurtda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny arzuw etdi.

2. Türkmenistanyň Arkadag akylly şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Şeýle hem şol çäräniň dowamynda «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezine gezelenç guraldy.

3. Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 864 hojalyga niýetlenen 20 sany 9 gatly nobatdaky döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, seýilgähi we awtomobil ýollaryny gurmak boýunça teklibi goldady. «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň we infrastruktura düzümleriniň gurulmagy halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ilaty ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek maksadyndan ugur alýar.

4. Prezident Serdar Berdimuhamedow 3 — 5-nji aprelde Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda guralmagy meýilleşdirilýän Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy. Sergä 210-dan gowrak düzüm, şol sanda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ulgamlarda işleýän agzalary gatnaşarlar. Sergi ýurduň söwda we hyzmatlar ulgamynda, dokma we halyçylyk pudaklarynda gazanylýan üstünlikleri, şeýle hem hususy pudagyň wekilleri tarapyndan öndürilýän önümleriň täze görnüşlerini görkezmegi maksat edinýär.

5. Aprel aýynda Türkmenistanda durmuş maksatly desgalaryň açylyşy, şeýle hem giň gerimli medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bütindünýä saglyk güni, Oraza baýramy we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar bu aýda geçiriljek esasy çäreler bolar. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň hem-de Mary şäherindäki durky täzelenen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabaralary geçiriler. Şeýle-de Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

6. 7-nji aprelde bellenilip geçilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport, sagdyn durmuş we medeni maksatly çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, ýurt boýunça giň gerimli çäreler, şol sanda Aşgabatda däp boýunça «Welosiped binasynyň» ýanyndan badalga berilýän köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler. Şeýle hem halkara ýaryşlarda üstünlik gazanan türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy geçiriler.

Dünýäde

7. Russiýada ýolagçy awtoulaglarynyň iň iri öndürijisi «AwtoWAZ» «Lada» awtoulaglaryny Azerbaýjanda ýygnap başlandygyny yglan etdi. Täze gurnama kärhanasynyň ussahanasyndan çykan ilkinji model «Lada Granta» boldy. Geljekde görnüşleriň gerimini giňeltmek hem-de onuň düzümine «Niva» we «Vesta» kysymlaryny goşmak meýilleşdirilýär. 2024-nji ýylda önümçiligiň mukdary 1,5 müň ulaga ýeter diýlip garaşylýar.

8. Taýlandda, tertipsiz makaka maýmynlary bilen tanalýan Lopburi şäherinde polisiýanyň maýmynlara garşy göreş bölümi ýörite çäre geçirdi. 26-njy martdan bäri birnäçe ýylyň dowamynda şäher ilatyny gorkuzýan 23 sany agressiw maka tutuldy. Olaryň arasynda sürüleriň biriniň Sakgal lakamly alfa erkegi hem bar. Tutulan makakalar olary kapasalaryndan azat etjek bolýan garyndaşlarynyň gykylyklary bilen haýwanat baglaryna äkidildi. Soňra biologlar olary nirä göçürmelidigini çözerler. Çäre ot açýan ýaragy ýa-da pagtabent ok ulanmazdan amala aşyrylýar. Polisiýa maýmynlara garşy göreşmek üçin diňe sapan ulanýar.

Sport habarlary

9. «Köpetdag» myhmançylykda «Merwden» utulyp, möwsümdäki ilkinji ýeňlişini başdan geçirdi. Maryda geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Ýeňijilerden Guwanç Berdimyradow iki gol geçirdi (14-nji we 38-nji minutlarda), myhmanlaryň düzüminde Döwletmyrat Seýitmuhammedow tapawutlandy.

10. «Şagadam» Türkmenistanyň çempionatynyň 4-nji tapgyrynda geçirilen oýunda iň az hasap bilen «Aşgabatdan» üstün çykdy. Ýeke-täk goly Emir Berdiýew 92-nji minutda penalti urgusyndan derwezä girizdi. Şol bir wagtyň özünde, 80-nji minutdan başlap, «Aşgabat» azlykda oýnady. Şeýle-de bolsa, 94-nji minutda oýnuň esasy emini Akmyrat Gurbanow «Şagadamyň» birbada iki futbolçysyna göni gyzyl duýduryş görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň