Italiýanyň merkezi Umbriýa sebitinde, Wigi kölüniň jülgesiniň üstünden Ýewropada iň beýik asma köpri açyldy, ol deňiz derejesinden 175 metr belentlikde ýerleşýär. Uzynlygy 517,5 metr bolup, onuň 1023 basgançagy bar.
Asma köpri Sellano we Montesanto obalaryny birleşdirýär, ony geçmek üçin 30-45 minut gerek. Köprüniň resmi saýtynda basgançaklaryň arasynyň uzakdygy bellenýär, ol gaýduwsyz we başdangeçirmelere hyjuwly adamlary ruhlandyrýar diýlip bellenýär.
Köprüden geçmek isleýänler howpsuzlyk kemeri bilen üpjün edilýär, munuň üçin olaryň boýy 120 santimetrden pes bolmaly däl, oňat fiziki we psihiki saglygy bolmaly, dagda baş aýlanma keselli bolmaly däl.
Köpri arly ýylyň dowamynda açyk bolar, ondan ötmek üçin petekler 25 ýewro bahalanýar diýip, «Wanted in Rome» saýtyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
