«Xiaomi» kompaniýasy özüniň ilkinji SU7 kysymly elektrik ulagynyň söwdalaryna başlanda, egin-eşik we aksessuarlary öndüriji «Xiaomi Life» brendini hem işe goýberýändigini yglan etdi. Täze harytlar sürüjiler we pyýadalar üçin niýetlenendir diýip, «4pda» portalyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.
Täze egin-eşik önümçilik şahamçasy bahalary arzan bolan futbol köýneklerini we adaty köýnekleri, başgaplarydyr beýsbol papaklary, şeýle-de dürli torbalary, kürüşgeleri öndürer. «Xiaomi Life» geljekde öz önümleriniň görnüşlerini artdyrmakçy bolýar.
Häzirlikçe, kompaniýanyň önümleri diňe ýerli Hytaý bazarynda elýeterli, «Xiaomi» olary halkara bazaryna çykarmak meýli barada habar bermeýär.
Martyň aýagynda bu kompaniýa özüniň ilkini awtoulagyny – «Xiaomi SU7» elektrik ulaglarynyň üç kysymyny satuwa çykardy. Täze ulaglaryň her günde ýüzlerçesiniň satyn alynýandygyny habar beriş serişdeleri belleýärler.
