Soňky habarlar

Arhiw

29-njy martda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri

08:1430.03.2024
0
7834

29-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onuň gün tertibine möhüm döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri, şol sanda ýaşaýyş jaý gurluşygy, maliýe, energetika, ulag, oba hojalygy we kanunçylyk başlangyçlary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanynyň gol çeken resminamasy

Iş kesilen 356 sany Türkmenistanyň raýatynyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Perman.

Öňde boljak çäreler

3 – 5-nji aprelde Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi geçiriler.

7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş we üstünlik gazanan türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy geçiriler.

15 – 19-njy aprelde Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş hepdeligine gatnaşar.

23-nji aprelde Türkmenistanda EKOSOS-nyň Forumy bilen ugurdaş «Durnukly ösüş maksatlarynyň maliýeleşdirilmegi boýunça ministrleriň dialogy» atly çäre guralar.

Şeýle hem aprelde aşakdakylar geçiriler:

Gurluşyk

Aşgabat şäheriniň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 864 hojalyga niýetlenen 20 sany 9 gatly nobatdaky döwrebap ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem 720 orunlyk umumybilim berýän mekdep, seýilgäh we awtomobil ýollary gurlar.

Maliýe we ykdysadyýet

«Sanly ykdysadyýet innowasion merkezi» ÝGPJ-niň esaslyk maýasyndaky paýnamalary hususylaşdyrylar. Bu düzüm lomaý söwda, maýa goýumlary çekmek hem-de telekeçilik işini alyp barmak bilen meşgullanýar.

Ýangyç-energetika toplumy

«Türkmennebit» döwlet konsernini nebitgaz guýularyny burawlamakda, özleşdirmekde, düýpli abatlamakda ulanylýan turba önümlerini satyn alar.

Ulag we logistika

Awtomobil mekdepleriniň birleşigi hem-de «Türkmenistanyň awtoulagly halkara daşaýjylarynyň assosiasiýasy» jemgyýetçilik birleşigi halkara daşamalaryny amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini we operatorlaryny hünär taýdan taýýarlamak üçin bilelikde Halkara awtomobil ulaglary birleşigi tarapyndan akkreditirlenen okuw merkezini dörederler.

Oba hojalygy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hökümete oba hojalyk ekinlerini suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ýurduň howdanlarynda suw toplamak işlerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Parlament işi

Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işi, Hytaý bilen halkara awtomobil gatnawlary hakynda kanunlara, şeýle hem Raýat iş ýörediş kodeksine, käbir kanunçylyk namalaryna, Maşgala kodeksine, Ýer hakynda Bitewi kanuna hem-de weterinariýa işi hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Kanunlaryň taslamalaryna garamak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň